Tebligiň haka hem-de halka degişli taraplary

Tebligiň haka hem-de halka degişli taraplary

„Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi – Allah üçin ýa-da Allah tarapyn jemgyýete ornaşdyrylan umumy hukugy nazar alyp ýerine ýetirilmeli wezipedir.

Başda, „Teblig hem-de irşad” diýip atlandyrylýan şu jogapkärçilik her kimiň Allahyň öňündäki berjaý etmeli borjudyr. Diýmek, Allaha ynanýan her bir adam öz jogapkärçiligini duýmalydyr. Allaha ynanýan adam özüni şu wezipäni ýerine ýetirmäge jogapkär saýmaly we namaz okamaga howlugýan ýaly, şu wezipä ymtylmalydyr. Esasan, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesine sowuk-sala seredilýän, bar ýeri münker işleriň gurşap alan zamanasynda şu wezipe şahsy parzlardan hem has wajyp bolup durýar. Sebäbi, şu wezipe ýerine ýetirilmese, ne namazdan, ne hajdan, ne-de zekatdan... söz açyp bolar. Hakykatdan hem-de ýagşy işlerden daşlaşylyp, münkeriň pajarlap ösen döwürlerinde şu wezipe tutuş halkyň üns merkezindäki meselä öwrülýär.

Meniň pikirimçe, häzirki gün şu wezipeden beýik wezipe ýokdur. Şol sebäpden, bu wezipe bilen ömürlerini manyly ötüren adamlar şu dünýäde-de, ahyretde-de bagtly bolar diýip ynanýaryn. Isle wagyz-nesihat arkaly, isle kitap ýazmak arkaly her kim öz gerdenine düşýän şu wezipäni ýerine ýetiräýmelidir. Emma, kim nähili ýol-usuldan peýdalansa peýdalanybersin, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi ýerine ýetirlende, asla hantamaçylyk bolmaly däldir. Bu wezipeden hiç kim hiç hili bähbit aramaly däldir. Galyberse-de, islendik işiň täsirli bolmagy şol işiň yhlas bilen edilmegine bagly bolup durýar. Yhlas hem-de akýüreklilik bolmasa, şu mukaddes wezipäniň hasylyny görüp bolmaz. Hasyl görmek aňyrda dursun, beýtmek adamyň ahyretini weýran eder.

Diýmek, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirýänler „Kim Allahyň belent adyny ýene-de beýgeltmek ugrunda göreşse, yhlas etse, ine şol Allaha barýan ýoldadyr“ diýen hadysa salgylanmalydyr. Allahyň adyny beýgeltmek üçin çekilýän zähmeti, alnyp barylýan göreşi diňe Allaha rowa görüp boljagyna ynanmaly. Beýleki ähli niýet-maksatlary şu päk işe goşmajak bolmaly.

„Emri bil magruf, nehýi anil münker” ýolunda alnyp barylýan işler ýaşlaryň ruhy höreklerini ýetirip bilýän hem-de olaryň ruhy gurluşlaryny päkleýän häsiýetde bolmalydyr. Şonda, erbetlikleriň köki gurar we ýaşlar imandan daş düşmezler. Biziň amala aşyrjak her bir işimiz, olar üçin ýyldyrym sowujy bolmalydyr. Hawa, diňe şeýdip, erbetligiň öňüni alyp bolýar.

Yslam dini ýaş nesliň aň-düşünjesini, ruhuny bezemelidir. Ýaş nesliň ruhy iýmitine gözegçilik etmän, olardan hiç hili dogry işe garaşyp bolmajagyna ynanaý! Eger-de netijeli işläp bilseň, Ymam Rabbaniler, Ymam Gazalylar, Şahy Nagyşbendiler... ýaly beýikler, Farabiler, Ibn Sinalar, Muhýiddin Ibni Arabiler, Möwlanalar ýaly nijeme öwlüýälar seniň asyryňda we seniň nesliň arasyndan döräp biler. Şol güller näme üçin biziň bagymyzda-da ösmesin? Bagban aladasyny etse, bu hökman bolar.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň adamlaryň arasyndaky umumy hukuk üçin ýerine ýetirilmeli tarapy-da bardyr. Bu, şol bir wagtyň özünde, jemgyýetde berjaý etmeli borjuňdyr. Yslamy ahlagyň hem düşünjäniň eşidilmegini, duýulmagyny ýola goýmak, şu topara degişli jemgyýetçilik borçdur. Musulman adamyň bazara, söwda-satyga degişli üýtgemeýän ýörelgesiniň şu topara girişi ýaly, adamlaryň arasyndaky saklanmaly iki taraply hak-hukuklaram şoňa degişlidir. Şu maddany has giňişleýin düşündireýin.

Yslam dininiň özüne mahsus bolan söwda hem-de ykdysadyýet ahlagy bardyr. Musulman adam söwda hem-de ykdysadyýet durmuşyny şol ahlagyň çäginde ýöretmelidir. Ol süýthorluk etmeýär. Harydy arzan wagty ýygnap goýup, gymmatlanda satmaýar. Aldaw-hilä baş goşmaýar. Edil şolar ýaly, aluw-satuwda-da deňagramlylygy saklamalydyr. Musulman adam Yslam dininiň satmaga rugsat berýän harytlarynyň söwdasyny edýär. Ol özüniň söwda durmuşyny şu ýörelgäniň esasynda gurnamalydyr. Has dogrusy, şeýdip, halal zähmet çekmelidir. Ine, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň şeýle tarapam bardyr. Şunuň netijesinde, musulman adam süýthorlygyň, alyp-satarlygyň, gara bazaryň we gadagan edilen beýleki söwda ýollarynyň öňüni alýar.

Hawa, Yslamyň hem durmuşyň ähli etaplaryna girizen ýörelgeleri bardyr : Söwda, maşgala, sosial gatnaşyklar we ş.m. Mysal üçin, Yslam dinine görä, maşgalada nika hökmanydyr. Nesil nika ýoly bilen örňemelidir. Yslam dininiň bar ýerinde zyna ýokdur. Sebäbi, zyna jemgyýeti ýumurýan iň elhenç keselleriň biridir. Yslam bolsa, jemgyýetiň ýaşaýşyna zyýan ýetirýän islendik zada garşydyr.

Maşgalada ene-ata bilen çagalaryň birek-birege bolan gatnaşygy, sylag-hormaty, jogapkärçiligi Yslamy ýörelgä doly esaslanmalydyr. Maşgala ojagynyň eşrepi deýin gorap-saklanmagy üçin Yslam dininiň tagallasy örän uludyr. Şol sebäpden, maşgala ojagyny ýumrujy islendik aňyýet ýa-da düşünje Yslamyň garşysynda durýandyr. Galyberse-de, nesliň ýagty ertiri üçin şeýle bitewilik zerurdyr.

Şu ýerde-de görşümiz ýaly, mömin bir tarapdan Yslamyň buýruklaryny hem öz durmuşynda, hem-de beýleki adamlaryň arasynda amal etmek üçin zähmet çekmelidir. Beýleki tarapdanam, Yslamyň gadagan eden zatlaryny öz durmuşyndan we jemgyýetden daşlaşdyrmalydyr. Bu-da ýagşylygy ýaýyp, ýamanlyga garşy durmagyň bir ýoludyr.

Netijede, mömin şeýle dürli ýollar bilen öz gulluk borjuny ýerine ýetireninde, özüni hem-de halkyny gözelleşdirýär. Ana, şonda gözel ahlakly halkdan söz açsa bolýar. Ine, ilki kämil bir adam, soň kämil adamlardan düzülen halk, soňam şeýle halklardan durýan dünýä... Ine, möminiň nagyş mysaly dokamaly dünýäsi-de şeýle dünýädir. Şeýle dünýäniň döremegi „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň ýöredilişine baglydyr.

Biziň hyýalymyzdaky şeýle dünýäde adamlar hemişe birek-birege kömek eder, halklar bolsa hem şu dünýäni hem-de öz ahyretlerini jennete öwürmek üçin yhlas ederler. Şu dünýädäki bäsleşik hiç haçan gutarmaýar. Ýagşylyk etmek bäsleşigi... Ýagşylyk etmek üçin bäsleşýänleriň dünýäsinde „Men“ däl-de, „Biz“ diýen aňyýet bardyr. „Men suwsap öljek bolsam, Ýer togalagyna ýeke damja-da ýagyn ýagmasyn“ diýen göýdük düşünjäni hemişelik aradan aýyrmak gerek. Şol düşünjäniň ýerine: „Eger-de kimdir biri suwsap ölmeli bolsa, ilki bilen men ölmelidirin“ diýen düşünje ösüp boý almalydyr we her ýanda ýagşylyk pajarlamalydyr. „Bar kişi bagtly bolsun! Wagty geleninde-de, menem bagtly bolaryn. Ýöne beýlekilerden soň“ diýen aňyýet jemgyýeti hem-de adamlary birek-birek bilen ysnyşdyrýar. Şeýlelikde, bar ýerde dostluk-doganlyk duýgusy ýaşaýar. Duşmanlyk we dawa-jenjel hemişelik unudylýar.

Bu aýdylanlar, esasan-da, biziň ruhy gurluşymyzy emele getiren, mukaddeslerden mukaddes aňyýet ulgamymyzda öňden bärem bardyr. Adamlar şol ulgama düşünip, ony ruhlaryna siňdirmegi başarsalar, ýaňky aýdylan ýagşylyklar dünýäsi sähel salymda peýda bolar. Şunam aýdasym gelýär. Munuň şeýledigini tutuş dünýä bilmeli, öwrenmeli, hatda durmuşa-da geçirmelidir. Bu bolsa, ýene-de „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň saýasynda amala aşar.

Häzirki gün, şahs, maşgala hem-de jemgyýet möçberinde şu wezipe „Haçan meniň elimden çekjek bolarka?“ diýip garaşyp dur.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr