Bu ýerdäki hasaba alyşlar, aýap saklamalar ahyretiň boljagyna delildir

Bu älemde her bir zat üýtgeşik bir görnüşde hasaba alynýar. Ynsanyň zandy tohum diýlen bir öýjükde aýalyp saklanýandyr. Häsiýetleriniň iň inçe taraplaryna çenli hromosomlarda onuň geljegi saklanylýar. Siz ynsandaky hromosomlaryň sanyny üýtgetmekçi bolsaňyz onuň durkuny üýtgedersiňiz. Mälim bolşuna görä, ynsanyň ruhy tarapy, häsiýeti, içki dünýäsi bu hromosomlaryň üsti bilen şekillendirilýär. Olaryň sany 46 däl-de 44, ýa-da 48 bolsa ynsan düýpgöter başga bir jandara öwrülýär. Görşümiz ýaly hromosom ýaly kinniwanja barlyklar ynsanyň näme boljakdygy babatda sebäp we wesile bolup höküm edýärler. Diýmek Jenaby Hak takdyry olarda jemläpdir we belli bir nyzamy şeýdip ýöredýär. Biz hem bu ýerde hasabat esasyna görä höküm edilýändigini görýäris.

Ynsan ýitirim bolmaýar. Bu gün ynsan bolup ýaşap geçen soňra haýwana, ösümlige öwrülip bilmeýär. Hawa, diňe mikroskop bilen görlüp bilinjek derejedäki kiçijik bir barlykda älemiň özeni bolan ynsan goralyp saklanýar. Ol ynsan bolup doguljak, ýaşajak, öljek we şübhesiz ýene ynsanlygynda haşyr edilip, ynsanlygynda-da hasaba çekiljekdir.

Uly arça agajy kiçijik tohuma ýerleşdirilipdir we tohumda onuň göge başyny uzatjak görnüşdäki geljegi goralýar.

Atom fizikasyny esaslandyryjylaryň biri S. Jeýms: «Älemi Ýaradan hakykatdan hem iň kämil matematikdir» diýende, älemlerde höküm süren matematiki hasaplary göz öňünde tutýar. Hiç bir hadysa, ugur we hereket älemde bar bolan matematik ölçegleriň tersine bolup geçmez. Esasan, tutuş bu aýdylanlar bize Onuň Mukaddir isimini düşündirýär. Emma Jean we onuň bilen pikirdeşler başga ismleri-de Onuň Mukaddir isminiň saýasynda goýýar. Biz Ähl-i Sünnet wel-Jemagat bir tarapdan muny şeýle kabul edýäris. Bir halkada islendik bir isim hakim bolsa beýleki ismler güýjüni şol ismiň saýasynda görkezerler. Ine takdyr, ölçeg, hasabat matematikanyň häkimýetini göz gamaşdyrjak şekilde ähli barlyk we hadysalarda görýäris. Bu ajaýyplyklar ilkinji nobatda Allahyň «Mukaddir» ismini görkezýär.

Her bir zadyň aýalyp saklanýandygyny aýdypdyk. Ähli ösümlikleri hem asyl durklarynda gorap saklan hromosomlardyr. Hawa, ynsan tohumda, bir agaç şäniginde ýitirilmän saklanylşy ýaly ähli sesler hem kosmosda we dürli jisimlerde ýitirilmän saklanýar. Belki bir gün geler täze açyşlar bilen ýasalan gurallar bize şol sesleri gaýtadan diňlemäge mümkinçilik döreder. Edil bir magnetafon lentasyna sesleriň ýazylyşy ýaly bize degişli ses, boluşlarymyz we hereketlerimiz hem ýanyndan geçilip ýa-da arasynda ýaşalyp ýörlen jisimler tarapyndan ýazga geçirilýändir we bir gün peýdamyza ýa zyýanymyza şaýat boljakdyrlar.

Bir ylym adamsynyň geçiren derňewinde şeýle bir aýratynlyk gözlenipdir. Ylym adamsy şeýle derňew geçirýär. Bir agajyň aşagynda edilen jenaýat bilen baglanyşykly şübhelenilýän bir näçe adamy derňew geçirilýän ýere getirýär. Jenaýatda günäsiz bolanlar içeri girenlerinde hiç bir üýtgeşme görkezmeýän agaçlar, günäkär içeri giren mahaly sandyramaga başlaýar we günäkär belli edilýär. Jenaýatkäriň eden jenaýatyny öň görendigi sebäpli agaçlarda bu üýtgeşme bolup geçýär we ol jenaýat eden adamy tanaýar.

Iň ýönekeý hereket we hadysalaryňam kesgitlenmegi ylmy taýdan berkidilenden soňra, meseläniň ynsana degişli tarapyna seredip bileris. Ynsany tohumda, agajy şänikde we bir towugy ýumurtgada gorap saklan bu Hafiz, ynsan ýaly älemiň merkezi nokady we ýer ýüzüniň halypasy bolan soltanyny ölenden soňra eýesiz taşlamaz we topraga atylan tohum ýaly başga bir älemde oňa baky bir ömür bagyşlajakdyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr