«Döwür garradygyça Kuran ýaşlaşýar» diýýärler, düşündirermisiňiz?

«Döwür garradygyça Kuran ýaşlaşýar» diýýärler, düşündirermisiňiz?

Kurany Kerim ezelden gelmiş, ebedilige çenli hem dowam etjekdir. Häzirki döwri, geçmişi we geljegi umuman ähli zamanlary tutuşlygyna, ýagny, bir nokatda ýaly bilýän Hezreti Allahyň ylmyndan gelen Kurany Mujiz-ul Beýanyň şu günki günümize we soňraky döwürlere degişli meseleleri, adamzadyň ýagdaýyny we onuň ýetjek ýagdaýyny parlak öwüşginler bilen düşündirmegi Kuranyň mugjyzasydyr. Bu, Kurana mahsus bir ýagdaýdyr. Hawa, Kuran on dört asyr mundan öň inipdir, emma Ol Melegi Agladan, ýagny, ähli zada hökümini ýöreden nokatdan düýni, bu güni, ertiri Gudratly elinde tesbih däneleri ýaly aýlan, nyzamlary dolandyran, kalbymyzyň ataşlaryna çenli bilen Allahyň ezeli we ebedi ylmyndan gelendir.

Hawa, döwrüň garramagy bilen Kuran ýaşlaşýar. Ynsanam ýaşadygyça beýnisine tarap dogry giden bir topar damarlar açylýar, giňeýär, belki ýatkeşliginde gowşaklyk emele gelýär. Emma, paýhasynda ösüş bolup geçýär, has parahat, has durnukly pikir öwürmäge başlaýar we has dogry kararlara gelýär. Ine, şahsda şeýle bolşy ýaly, jemagatlar hem edil şonuň ýaly, döwür hem şeýledir. Ýagny, döwür garradygyça misli zamanany ösdürýän kanallar we damarlar açylyp giňeýär we zamananyň içinde oňa esasy many beren ynsanlaryň zähmeti, yhlasy we gaýraty bilen älemdäki syrly zatlary açyp görkezýän ylymlar orta çykýar. Bu ýagdaýda fizika, hamala, zamanynyň damarlarynyň içinde kemala gelen, pajarlap ösen we ony ösdüren, has dogrusy ony şöhlelendiren bir ylym hökmünde ýüze çykýar. Himiýa, astronomiýa, astrofizika, lukmançylyk we beýleki ylymlar hem şeýle. Ýagny, her ylym zamananyň içinde we döwrüň akymy bilen älemlere degişli bir topar syrlary öwrenýär we açyş edýär. Şeýlelik bilenem döwür kyýamata ýakynlaşdygyça biz dünýämizi has ösen we has kämilleşen ýagdaýda görýäris. Ylymlar misli dünýämiziň eňeklerine biten ak tüýler mysaly onuň köpügörenliginiň alamaty bolup, ömri paýawlap ölüm ýakynlaşdygyça ony has kämil sypatda görkezýär.

Ine bu ýagdaý Kurana düşünmäge kömek edýär. Bir gün geler Günbataryň ösen ýurtlaryndaky iň abraýly mejlislerde ylymlaryň syrly hakykatlary içginden-içgin öwrenilmegi netijesinde Kurana düşünilip rukuwa giden ynsanlar bolar we adamzat «Allahym nähili beýiksiň!» diýer. Hawa, teleskoplar bilen ýagtylygyň tizliginde trillion sene aňryny görenlerinde Paskal ýaly hynçgyra-hynçgyra aglarlar we «Allahym nähili beýiksiň!» diýerler.

Kurany Kerim on döert asyr mundan öň iň kämil jemgyýetiň içtimagy kanunyny esaslandyrypdyr, emma biz oňa düşünmeýäris. Düşünmeýändigimiz üçin hem kapitalizm, kommunizm, faşizim, liberalizm ýaly nyzamlaryň garşysynda Kuranyň bu içtimagy tarapyny geregiçe düşündirip bilmedik. Diňe içtimagy taraplaryna däl, adamzadyň durmuşyna degip geçýän ähli, beýleki taraplaryna hem düşünmändiris... Indi bularyň ählisini seljerip, asyryň hassalyklaryna garşy göreş çäresi halyna getirmek, şypa beriji derman hökmünde zerur bolanlara paýlamak bize düşýär. Biz Allahyň nesip etdirmegi bilen bu işi ýerine ýetirenimizde Kurany Kerimiň nähili çuň çeşmedigi, daşky görnüşine görä çuňlugy syzylmaýandygyna garamazdan, içinde müň bir ylmy hakykatlaryň ýatandygy görüner. Biz bu gün heniz ykdysady meselelerimizi hem çözüp bilmändiris. Düýn bir nyzam orta çykýar. Ol nyzam ertesi başymyza müň dürli aladalary getirende, bu gezek «bu ýurt şu nyzam bilen beýgeler» diýilýär. Emma ol durmuşa ornaşdyrylmaga başlananda bir süri süýthor bankirler we olara garşy durýan bir giden aldanan, ser-sepil, perişan ynsanlar bilen garşylaşýarys. Bu ýagdaý togtaman şol dowam edip gidip otyr we biz nyzamlaryň elinde oýnawaja döndük. Kurany Kerim täzeden ele alnanda we zamana garradygyça kämilleşen ylymlaryň saýasynda ondan örän täze we üýtgeşik zatlara göz ýetiriler we ol täzeden inen ýaly özüni görkezer. Heniz Kuran hakynda has çuňňur öwreniş işleri geçirilmedik biziň günlerimizde-de, ejiz akyllarymyz we hiç bir hakykaty kabul etmejek dar düşünjeliligimiz bilenem, kä halat Kurandan şeýle zatlara göz ýetirýäris we «bu ynsanyň aýdyp biljek zatlary däl» diýmäge mejbur bolýarys.

Hawa, ylmyň dürli ugurlaryna degişli hakykatlary Kuran ýeke jümlede yglan edipdir we aç-açan görkezipdir. Bu sebäpden haýsy ugurda ylmy açyşlar edilse edilsin onuň netijeleri bilen Kuranyň aýatlarynyň arasynda oňa deň gelýän çözgüdiň üstünden barylýar we her ýerde Kuranyň diken baýdagynyň parlaýandygy görülýär. Şu wagta çenli aýdanlarymyz asla özüňkini dogry etjek bolup oturmak däl-de ylmy taýdan subutnamasy bar bolan zatlardyr.

Bir-iki mysal bilen muny aýdyňlaşdyrmak isleýärin:

«Allah kimi dogry ýola düşürmek islese onuň kalbyny yslama tarap açyk eder. Kimi-de azaşdyrmak islese onuň kalbyny (ol kimsäni) göge çykaýandyryn öýtdürip dar we dyknyk eder. Allah ynanmaýanlaryň üstüne ine şeýle pislik (güzap we görgüler) çökerer.» (Engam-125)

Bu aýat bir tebigat kanunyna yşarat edýär. Bu ýerde «sema» kelemesi ulanylýar. «Ýessadu» işliginiň asly «sa adu ýessa adu» göterilmek, ýokary çykmak diýmek. Arap dilindäki bu tefa-ül baby kynçylygyň agdyklyk edýändigini düşündirýär, ýagny, ýokarlara göterlende azara galmak hakyktyna yşarat edilýär. Ýessadu işligi okalanda-da okaýanyň demi gutarýar. Ine bularyň üsti bilen bolsa Kuran şu hakykaty habar berýär. Ynsan ýokary çykdygyça basyş azalar we dem almasy kynlaşar. Çünki her ýüz metr ýokary galyndygyça howanyň basyşy bir dereje peselýär. Ýigrimi müň metr ýokary galynan mahaly ýörite enjamlar (kislorodly ballonlar) bolmasa ynsan demi ýetmän ölýär.

Başga bir mysal:

«Şemaly size baglary sapýan ýaly edip iberdik hem size gökden suw indirip size ýetirdik (ýogsa) siz suwy uzak wagtlaýyn saklap bilmezdiňiz» (Hijr, 22)

Bu aýat hem ýaňy ýigriminji asyrda üsti açylan ylmy hakykatyň on dört asyr mundan öň Kuranda aýdylandygyny görkezýär. Ýagny, şemal suw buglaryndan emele gelen bulutlary biri-birine çakyşdyrýar. Bu çakyşmada bulutlarda pozitiw-negatiw elektron akymlary çaknyşýar we ýyldyrym döreýär. Şemal bulutlary birleşdirip ýere ýagmyr ýagdyrýar. Şol bir wagtda şemal ösümlikleriň üstünden ösende erkek tohumlary tişi tohumlaryň üstünde gondurmak bilen olary sapýar. Ösümlikleriň tohumlanmagyna kömek edýär.

Şeýle hem bu aýatda gökden inen ýagmyr suwlarynyň ýeriň aşagyna ýygnanýandygy, ol ýerlerden çeşmeleriň, guýularyň kömegi bilen çykarylyp jandarlaryň suwlandyrylyp bilinjekdigi habar berilýär. Şeýlelik bilen on dört asyr mundan öň bu tebigat kanunyna yşarat edip mugjyzadygyny görkezýär.

Başga bir aýatda «we min külli şeýn halakna zewjeýn» ýagny, «Her zady jübüt (erkek hem tişi) edip ýaratdyk» diýiliýär. (Zariýat-49).

Arapçada «umum» bütin, ähli manysyny berýän «kül» sözi maryfe söze birigip gelse, ähli bölekleri aňladar. Ýagny, bütiniň böleklerini öz içine alýar. Nekre söze (nämälim söze) birigip gelse umum ähli şahslary aňladýar. Näçe şahs bar bolsa hemmesini öz içine alýar. «We min külli şeýin halakna zewjeýn» diýende bu ýerdäki «şeý» sözi nekredir, ýagny nämälimdir.

«Her zady jübüt ýaratdyk» diýmekdir. Allaha-da «şeý» diýilýär. Emma, sözi aýdýanyň Allah bolandygy üçin Ol munuň daşyndadyr. Ondan başga zatlaryň ählisi jübüt ýaradylandyr.

Ynsanlar nähili jübüt bolsa beýleki janlylar hem şonuň ýaly jübütdir. Ösümliklerde-de jübütlik bolup olaryň arasynda-da erkeklik we tişilik bardyr. Aýatdaky «Zewjeýn» kelemesi erkekligi we tişiligi aňladýar. Hatda her bir zadyň asyl özeni bolan atomlar hem jübütdir. Olaryň hem bir topary pozitiw, beýlekisi negatiw ýük göterýär. Şeýle hem her bir zatda itmek we çekmek bolup, bu iki häsiýet dürli şekillerde ýüze çykýar. Närselerdäki bu hususyýet aradan aýrylsa barlyklar öz özlerini dowam etdirip hem bilmezdiler.

„Ýasyn“ süresindäki aýat bu hakykatry has giňişleýin şeýle aňladýar:

«Allahy tesbih-u takdis ederis, Ol ýeriň ösümliklerinden, janly-jandarlaryndan we heniz bilinmedik ençeme zatlardan jübütleri ýaratdy». (Ýasyn-36)

Görşümiz ýaly, şol günleriň ynsanynyň gözýetiminiň daşynda, şol döwürlerde heniz bilinmeýän zatlardan söz açylýar we «heniz siziň bilmeýän zatlaryňyzdan jübütlerini ýaratdy» diýilýär.

Başga bir aýatda başga bir ugurdan söz açylýar:

«Gök ýüzüni azamat bilen biz gurduk we ony mydama giňidýäris.» (Zariýat-47)

Arapçada işlikler täzelenip durmagy, at jümleleri bolsa üýtgewsizligi we durnuklylygy aňladýar. «We inna le muusiuun» at sözlemidir we manysy taýdan üç zamanyň hiç biri bilen çäklenmän durnukly dowam etmegi aňladýar. Ýagny «Gadymdan giňeltdik, goýduk», «Häzirki wagtda giňeldýäris», «Geljekde-de giňeltjekderis» ýaly manylarda däl-de, «Dowamly we yzygider görnüşde mydama giňeldýäris» manysynda gelýär.

Iň ýakyndaky bäş we ýa-da alty galaktikany hasaba almanymyzda-da, ähli galaktikalaryň bizden uzaklyklary we degişli tizlik bilen uzaklaşýandyklary 1922-nji ýylda astronom Hibb tarapyndan açyldy. Onuň aýtmagyna görä, bir million ýagtylyk senesi aralyk bizden uzakda bolan Sehabiýe (galaktikada bir ýyldyz) bizden her ýylda ýüz altmyş sekiz kilometrlik tizlik bilen uzaklaşýar. Iki million ýagtylyk senesi aralyk uzakdakysy ondan iki esse, üç million ýagtylyk senesi uzaklykdakysy bolsa üç esse ýokary tizlik bilen daşlaşyp barýar. Bu-da Belgiýadan matematika alymy Lemaitreniň beýan edişi ýaly älemiň giňelmek (ekspansion) halyndadygyna delillik edýär.

Ylmy mejlislerde agramly orun tutmagyny dowam etdirýän «Mekanyň giňemegi» meselesi bir müň dört ýüz ýyl mundan owal Kurany Kerimde zikr edilýärdi.

Tutuş ylym dünýäsi, ylym älemi bir sowatsyzyň gözi bilen görlen bu hakykatyň garşysynda Kurana «Seniň talybyň boldum» diýip haýranlyk bilen başyny sejdä goýmaly halyna gynansak-da, biz diňe olaryň kejirlik bilen inkärlerini dowam etdirişlerini görýäris.

Başga bir aýatda bolsa:

«Gökleri we ýeri hak bilen ýaratdy. Gijäni gündiziň yzyna, gündizi hem gijäniň yzyna tirkeýär. Güneşi we Aýy buýrugynyň astyna aldy» (Zümer-5) buýrýar.

Ýer polýuslaryndan biraz basylan şar şekilindedir.

Arapçada tekwir sözi bir togalak zadyň daşyna bir zat saramak, togalak zadyň daşyndan aýlanmak manysyny berýär. Muňa görä bu aýatda «Gijäni gündize, gündizi gijä saraýar» diýmekdir. Şeýlelikde Ýükewwiru kelemesi bilen Ýer şarynyň şar şekilindedigine aç-açan barmak basýar. Başga bir tarapdan Naziat süresiniň 30-njy aýatynda bu mesele kelemäniň kökine laýyklykda has aç-açan aýdylýar. «Uel arda bade zalike dehaha» «Gökleri nyzam-intizama goýandan soňra Allah Ýeri hem düýe guşunyň ýumurtgasy ýaly görnüşe getirdi». (Naztat-30).

Diýmek, ýer iki polýuslaryndan gysylan bir şar, düýe guşunyň ýumurtgasynyň şekilindedir. Düşündiriş we tefsire geçmezden düşnükli edip Kuranyň bu hakykatyny-da ýatda saklamakda peýda bar.

Kuranyň bu hususlarda yşarat eden başga-da birnäçe aýatlaryny mysal getirmek bolar. Emma, ýokarda mysal getirenlerimiz bilen çäklenýäris.

Şeýle hem Kuran terbiýä degişli bir topar esaslary wagz edýär. Emma, Kuran edebi bir ýaňa taşlanyp, synalyp görlen ähli terbiýe ulgamlary, psihologiýa we sosiologiýa salgylanýan birnäçe kanunlary, birgiden çözülmeli meseleleri bolan ýaşlary, sergezdan, keýpi-sapada-da sepil-sergezdan tipleri orta çykardy. Bu ýagdaý şeýdip dowam edip gitse adamzat o çykgynsyzlykdan ýene bir çykgynsyzlyga düşer gider oturar. Emma, adamzat Kuran bilen tanyşandan soň oňa düşünjek, akyl ýetirjek we oňa uýjak. Köňülleri rahatlyga ýetirmek, kalplary arkaýynlaşdyrmak, aň-düşünjeleri tertipleşdirmek ýene Kuranyň emrleri bilen durmuşa geçjekdir.

Ine, şu sebäplere görä-de, zamana garradygyça, has dogrusy kämilleşdigiçe, biziň «ahyrzaman» diýip atlandyrýan zamanymyzyň şu döwründe Kuranyň hakykatlary inşallah Kuran öwrenijiler tarapyndan gökdäki ýyldyzlardanam has parlak, has çuň, has dörediji we ynsanyň köňlüne has makul düşündirişleri orta çykarylar we Kuranyň genji-hazynadygy ýene bir gezek has aýdyň görüljekdir. Belki ynsanyň eradasy elinden alynmaz, emma, akyl kanagatlanar we köp adamlar: „Lä ilähä illallah Muhammeden Resulullah“ diýer.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr