«Kalu-bela» näme diýmekdir?

Bu sözler Ýaradanyň ýaradanlary bilen, aýratynda ynsan bilen bolan ähtleşmesine degişli sözlerdir. Bu ähtnamada: «Men siziň Rabbiňiz dälmi näme?» diýlip soralýar. Bu sowala: «Hawa Rabbimizsiň» diýen jogap alynýar.

Bu meseläniň iki tarapy bardyr.

1. Bu sorag kimden we nähili soralypdyr?
2. Haçan soralypdyr?

Birinjisi babatda binäçe düşünjeleri getirip bileris.

1. Ynsan heniz hiç bir zat dälkä «bar bolmak» emrini almagy we bu emre «bolýar» diýmegi ýaradylşa degişli bir sorag-jogap we bir äht hasap edilýär.

2. Ynsan atomlar äleminde hat-da bu älemiň, hem ötesinde parçajyklardan ybaratka, her bir zady kemala tarap ugrukdyryp terbiýeläp başlan Rabbülälemin bu parçajyklara ynsan bolmak hyrujyny duýduryp, şol istikametde olardan äht we razylyk alypdyr. Bu hem her zerräniň öz takadyndan has ýokary, Kap dagyndan agyr ýükleri eginlerinde göterip, Rabbiniň «bar bolmak» teklibine «bolýar» diýmesinden ybarat saýylyp bilner.

Bu iki görnüşde bolup geçen «sorag-jogap» ýa-da «teklip we kabul etmek» söz we beýan bilen däl ýalydyr. Muňa esaslanyp bir topar tefsirçiler bu ähtnama temsili istiare (bir şekiliň başga bir şekile istiare ýoly bilen meňzedilmegi. Istiare bolsa bir sözüň manysyny wagtlaýynça başga bir söz hakynda ulanmak diýmekdir) arkaly edilen bir ähtnama nazary hökmünde seredipdirler. Ýagny, misli şeýle diýlipdir, şeýle-de jogap berlipdir we şeýlelik bilen hukuk gymmaty bar bolan bir ähtnama kabul edilipdir. Ol ýogsa, beýan we ýazyşmak bilen baglaşylan ylalaşyk däldir.

Aslynda müňbir dürli ýüzlenişiň (hitap) we müňbir dürli jogabyň eýesi Rabbiň «hitap-jogap» mümkinçilikleriniň giňligini nazara almazdan beýle kesgitlemä barmak jogapkärçilikden halas etmez. Ýeri gelende bu barada-da durup geçeris.

3. Bular ýaly ykrar we şaýatlyk hakyndaky ähtleşme, ynsanyň özüni bilmegi, özüniň özünden başga hiç zadam däldigine düşünmeginden ybarat. Bir nebis magryfeti, «Nebsini bilen Rabbini biler» hakykatyna nusga bolmak, zandyny görkezýän aýnanyň öňünde goýulmak we bu ýol bilen aň-düşünjesine gelip şöhlelenen reňbe-reň hakykatlaryň jemlenmesine şaýat bolmak we bu şaýatlygy yglan etmekdir. Şeýle hem bu teklip we kabul, bu söz berip söz almak, bu duýmak we duýdurmak örän açyk hem birbada syzylar ýaly hem däldir. Belki birnäçe habarlar we oýaryşlar bilen aňylyp duýulyp bilinjek zatlardandyr, irşadyň ähmiýeti hem bu nokatdan başlanýandyr.

Ynsana amanat edilen nebis ýa-da «menlik» «ego», Ýaradanyň beýik barlygyny bilmegi we ykrar etmegi üçin berlendir. Şeýle-de onuň barlygynyň manysy bu bilmekden we ykrar etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin ynsan barlygy bilen Onuň barlygyny, sypaty bilen Onuň sypatlaryny görkezişi ýaly, kemçilikleri bilen Onuň kemalyny, mätäçlikleri bilen Onuň baýlygyny we barjamlylygyny, ejizligi we pakyrlygy bilen Onuň gudratyny we yhsanlaryny görkezer. Bu ilkinji peşgeşdir we ilkinji yhsandyr. Bu ilkinji yhsana ynanmazçylyk eden düşünje we paýhas (irfan) bolsa her barlykda Onuň barlygyny, her ýagtylykda Onuň nuruny görüp, beýik Ýaradany yglan we ykrar eder. Bu bolsa «elestü» we «bela» («Men siziň Rabbiňiz dälmi näme?» diýen soraga ruhlaryň «Hawa, Rabbimizsiň» diýen (jogaby) ylalaşygy diýmekdir.

Bu ylalaşyk gudrat we eradanyň ýazan kämil kitabynyň manysyna düşünmek we hadysalaryň syrlaryna ýetmek netijesinde, bu «teklip we kabul», söwdadaky «satdym we aldym», nikalaşylandaky «öýlendim nikalaşdym» diýmek ýaly bolýar.

4. Bu ylalaşyk we ylalaşygyň içindäki sorag-jogap maddylaşdyrylyp paýhas edilmeli we şoňa görä düşünilmeli mesele däldir. Hak (j.j.) ähli barlyklara öz asyllaryna görä emr berýär we ýene mahlukatdan göterlen sesleri we owazlary diňlär, düşüner we ýerine görä olara jogap berer, dileglerini kabul eder we ýerine ýetirer. Kelamy ystylah (terminler) bilen beýan etsek, ynsan ýaly aýry-aýry dil we şiwelerde zeruryny aýdýan barlyklaryň her diýenine düşünýän Allahytagala (j.j.) şol bir wagtda şeýle aýry-aýry dillerde we şiwelerde olara emr berer, hakykatlary düşündirer, ynsan we älemi bildirer, ýaradanlaryndan wadalar alar, ylalaşyklar baglaşar we ylalaşyklarda bolar, lafzy kelam we beýan bilen edilen bu işleriň hemmesi «kelamy lafzy» jümlesindedir. Kelamy lafzy – agyzdan çykan söz bilen edilen söhbet diýmegi aňladýar. Şeýle hem biziň üçin kelam we beýandygy anyk belli bolmadyk haýwanlara bolan ylhamdan melekleriň ýeten derejesi bolan ilahy hitap tarzyna çenli Hakyň üýtgeşik bir gürleşmesi bardyr, ol-da, «Kelamy nefsiniň» başga bir ýüze çykmasy we tejellisidir.

Allahyň bu şekildäki gürleşmesi ynsanyň kalbyna aralaşan öwüsginlerden, melekler älemine çenli örän giň bir halkasynda bolup geçýändigine garamazdan her halkanyň «almak-bermek» ýagdaýynyň başga-başga bolandygy üçin, bu halkalardan haýsy hem bolsa birine gelen habary, ondan göterilen sözi we beýany başga bir halkanyň ölçeglerine görä ne eşitmek, ne-de tassyklamak mümkin däldir.

Aslynda biziň her zady eşidip biljegimizi kesgitli aýtmak hem örän ýalňyş karardyr. Çünki bu gün bilşimize görä biz sesleriň milliondan bir bölegini eşidýäris, görülmeli şöhleleriň hem şonçasyny görýäris. Bu bolsa biziň eşidýän we görýän älemimiziň, eşitmeýän we görmeýän älemimiz bilen deňeşdireniňde örän ujypsyzdygyny aňladýar.

Bu sebäpli Hak Tagalanyň zerreler bilen gürleşmesiniň, älem giňişliklerine emr bermesiniň, derňewler geçirip, birleşmeler emele getirmesiniň, örän beýik ölçeglerdäki akymynyň biziň kiçijik ölçeglerimizde kesgitlenmesi mümkinem däldir.

Allah (j.j.) zerreler bilen ylalaşjak, molekulalar bilen ylalaşjak, öýjükler bilen ylalaşjak, atomlar äleminde, ene göwresinde bäbekligiň döwürlerinde ylalaşjak, emma biz bulary öz ölçeglerimiziň içinde aýan-açyk hiç wagtam kesgitläp, görüp ýa eşidip bilmeris.

Üstesine şeýle ylalaşma ynsanyň ruhy we ol ruhda bir mehanizm bolan wyždanda bolup geçýän bolsa...

Ynsan ruhy özbaşdak bir barlykdyr we bu husus bu gün indi jedelleşilmez ýaly derejede aýan boldy. Dürli ugurlary bilen tutuş ylym dünýäsini gurşan parapsihologiýa şu günki günümizde ruhy, barlygy bilen, funksiýalary bilen, düýşleri bilen, arzuwlary bilen, umytlary bilen, emelleri bilen şeýle bir gyzyklanylýan mesele halyna geldi welin, ondan söz açylmadyk ýokary derejedäki maslahat we ylmy topar galmady... Dolulygyna başga we özbaşyna bir meseläni emele getiren ruhuň üstünde öň bir durandygymyz üçin häzir onuň diňe berlen sowala degişli ýerlerinden söz açarys.

Ruh ynsan bedeninden öň we bir garaýyşa görä wagt bilen çäkli däldigi üçin, şeýle hem ylalaşyga degişli talap we kabul onuň bilen geçendigini ykrar etsek, düşünmek we düşündirmek ölçeglerimiz bilen ony gurşamak asla mümkin däldir. Hawa, ol düýşlerdäki diline we eşitmesine meňzeş şekilde gürleşýär, telepatiýada bolşy ýaly ses tolkunlaryna zerurlyk duýmazdan habarlaşmagy üpjün edip, düşünşip bilýär. Hatda bu husus hernäçe kyn hem bolsa Sowet Soýuzynda hem – materialist bir dünýä bolmagyna garamazdan – örän manyly görülýän bolsa, ruhuň özüne mahsus gürleşmesi kabul edilýär diýmekdir. Bu parhly gürleşme, parhly ýazgy lentalaryna geçiriljek, parhly kassetalarda goraljak we ýeri gelende özüne mahsus söhbeti bilen orta çykjak, öz dilinde gürleşjek hem ýene özboluşly çagyryşlary bilen belli boljakdyr.

Şonuň üçin «elest» mejlisinde-de ruhlar Rabb bilen sözleşmäge çagyryldylar. Jismaniýet berzahy (maddy-beden perdesi) arada bolmandygy üçin her bir zady aç-açan gördüler we «bolýar» diýip bu ylalaşyga gol goýdular. Emma şu günki günümizde köp duşulşy ýaly birnäçeler ruh kitabynyň wyždan bölümini hiç dörüşdirmändikleri üçin beýle bir gol goýmaga we ylalaşyk baglaşmaga rast gelmediler. Rast gelmekleri mümkinem däldi. Çünki olaryň ne o dünýä barada garaýyşlary, ne-de gözlegleri bardy. Aslynda, Kantyň Ýaradany taryplamak hakynda ýazan kitaplaryny arkada goýup, Bergsonyň tutuş älemden ýüz öwrüp diňlemek islän sessiz kitaby budy... Ruh diňleniljek, ruhuň ylhamlaryna gulak goýuljak, wyždanyň diline düşünmek üçin laboratoriýalar guruljak we aň-düşünjä baryp ýetjek şekilde hakykatyň ýüzüni açmaga çalşyljak...

Bu kitap özbaşyna beýik hakykatyň iň ýalňyşdyrmajak şaýady we ylalaşyga gol çeken tarapyň ikisinden biridir, emma beýle bir dili öwrenmekden mahrum bolanlara muny düşündirmek gaty aňsat düşmez.

Eger akyllar şertleşmekden daş durup bilsediler, ynsan wyždanynyň bu ilkinji ylalaşyga «bolýar» diýendigini duýardy we görerdi. Aslynda obýektiw we pozitiw oýlanmalaryň we gözlegleriň maksady hem şudur. Zehin öz azaşmalaryndan halas boljak, erkin pikirlenjek we netijede erkin düşünjäniň linzasy arkaly wyždandaky bu inçe ýazgylar okalmaga çalşyljak... Bu ýol bilen kalbynyň çuňluklaryna bakmaga özüni endik etdiren niçe ynsanlar bardyr, olaryň içki göz ýetirmeleri we içki duýgulary bilen gazanan waridatyny, ylhamlaryny hiç bir kitapda tapmak mümkin däldir. Ylahy kitaplaryň nyşanlary we yşaratlary bilenem diňe şol linzanyň aşagynda özlerine mahsus reňkler bilen dörärler. Bu gözýetimi görmeýän we özüni ýeňip bilmeýänler bolsa mundan hiç wagt hiç bir zada düşünmezler.

Indi meseläniň ikinji tarapyna geleliň. Bu ylalaşyk haçan bolduka? Ilki bilen şuny aýdaýyn, bu meselede aýat we hadysda aýdylýar diýlip bir deliliň görkezilmegi örän kyndyr. Emma birnäçe tefsir alymlarynyň beýanlaryna salgylanmak mümkindir.

Bu talap we kabul tohumyň tohumlandyrmak işini ýerine ýetiren pursatynda bolupdyr. Düwnçegiň ynsan şekiline geçýän pursadynda bolupdyr. Ýa hut çaganyň ýetişip özüni bilen pursady bolupdyr... we ş.m.

Ähli garaýyşlaryň özlerine görä subut ýollary we usullary bardyr. Muňa garamazdan bularyň birini beýlekisiniň ýerine saýlamak, hatda bulardanam başga bir hususy artykmaç saýmak ýaly çynlakaý bir sebäbi görkezmek hem örän kyndyr.

Bu ylalaşyk ruhlar äleminde bolup bilşi ýaly, ruhuň öz atomlary bilen baglanşyga geçen başga bir äleminde hem bolup biler. Embrionyň ösüşiniň islendik bir döwründe bolup bilşi ýaly kemala gelşine çenli geçen islendik bir döwründe-de bolup biler...

Düýne bu gün bilen bile seslenen we düýni bu gün bilen bile eşidýän we diňleýän Allah (j.j.) bütin bu döwürleriň ählisinde-de bu ylalaşygy berjaý eden bolup biler. Biz wyždanymyzyň çuňluklaryndan gelen beýle bir sesi eşitmek taýdan we kalbymyzyň bu pursada şahadatyndan habarly edilendiris.

Misli aşgazanyň açlygyny özüne mahsus dilde düşündirişi, bedeniň gam-gussalaryny we agyrylaryny öz sözleri bilen dile getirişi ýaly, wyždan hem öz dilini ulanyp, öz terminlerine sadyk galyp, ylalaşyklardan söz açýar, agyry we ejir çekýändigi üçin iňleýär, beren sözünde sadyk galmak üçin çyrpynýar we üznüksiz hyruçlar halynda tolgunmasyny dowam etdirýär. Bir çaga ýaly iňňildileri bilen dykgat çekende özüni bagtly saýýar, halyny düşündirip bilmedik, derdine eýe çykan tapmadyk wagtlarynda-da närazylygyndan ýaňa iki ýana ururnyp durýar.

Iň beýik hakykata dury duran aýna bolan köňül şeýle baý kitaphana, şeýle üýtgeşik bir hasabat depderi, şeýle mäkem bir gutydyr, emma bu oňa düşünýän mutagalajynyň (gözleýjiniň) nazarynda şeýledir!

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr