M. Fethullah Gülen kim?

M. Fethullah Gülen kim?

Gülen 1938-nji ýylda Erzurum welaýatynyň Pasinler etrabyna degişli Korujuk obasynda, bäşisi oglan, ikisi gyz – jemi ýedi çagaly bir maşgalada dünýä inýär. Kakasy Ramiz aga döwletiň din edarasynyň işgäri bolup, Türkiýäniň dürli ýerlerinde ymamlyk edipdir. Erzurum Türkiýäniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, sosial-medeni, jemgyýetçilik we geografiki taýdan gymmatlyklara baý welaýatdyr.

Fethullah Güleniň çagalygy şol sebitlerde, gadymy tekkedir medreselerde geçýär. Onda hiç ganmaýan we kanagatlanmaýan bilesigelijilik duýgusy we ylma bolan uly höwes bardy. Onuň ähli arzuw-isleglerini amal edip bilmegi üçin bu ýer darlyk edýärdi. Şonuň üçin, ol kiçi ýaşlaryndan başlap, akylyny we gyzyklanmalaryny daşky dünýädäki medeni, syýasy we jemgyýetçilik işlerine tarap gönükdirdi. Özüniň aýdyşy ýaly, eýýäm şol döwürlerde, medresede okaýarka, jemgyýetiň problemalarynyň üstünde-de kelle döwerdi. Ýaş zehin ýuwaş-ýuwaş ulaldygyça, töweregindäki sungat, edebiýat, kino, teatr we pikir dünýäsi bilen tanyşýar. Ol medresäni gysga wagtyň içinde tamamlasa-da, oňa nämüçindir, adaty mekdeplerde okamak miýesser etmedi. Şol ýyllar Türkiýe Respublikasyny gurujynyň dünýeden ötüp, täze Respublikanyňam heniz ähli guramadyr edaralarynyň bütewileşmedik ýyllarydy. Täze gurluşdan soň, bir bölegi könelip sandan galan, bir bölegi bolsa entek kämilleşmedik döwlet birgiden syýasy, ykdysady we sosial-medeni problemalar bilen ýüzbe-ýüzdi. Intelligensiýa Günbatar medeniýetiniň pidasy bolsa-da, Yslam medeniýetiniň ähli depelenmelerini duýýardy. Täzeden gurluş döwründen bäri üstünde jedelleşe-jedelleşe sary giden we köpüsem çözgüdi tapylman taşlanan tükeniksiz düşünje mesleleri bardy. Intelgensiýa olaryň käbiri barada jedelleşmekden ýadap, birnäçesine bolsa asla ünsem bermeýärdi. Dine, Yslama we dini-sosial durmuşa degişli köp problemalar bolsa, gömlüp galan ýalydy. Türkiýe demokratiýasy ýekepartiýalylyk we köppartiýalylyk sistemasynyň arasynda jöwlan urup, agyr göwnüçökgünlikdedi. Netijede, syýasy bölünşikler, gowgalar, jedeller, yz-yzyna gelýän ykdysady krizisler, ýoksullyk ýaly meseleler ýaşlykdan Güleniň hem deňinden sowlup geçmedi. Ol şol ýaşda pese gaçmagyň sebäpleri we bu ýagdaýy düzedip biljek çäreleriň, çözgüt ýollarynyň üstünde çynlakaý oýlanmaga başlady. M. F. Gülen bu köne medeni mirasy döwürdeş gymmatlyklaryň perspektiwasynda täzeden ele aldy. Iki asyr bäri uka giden düşünje hereketini täzeden joşduryp, musulmanlaryň aňyna salmaga synanyşdy. Onuň pikiriçe, bulam-bujar, ownuk zatlaryň içinde ýitip giden meseleleri elekden geçiren deý seljermelidi. Olardan derde ýarajagyny işjeň hala getirip, düzgüne salmak, täzeden joşgun we höwes döredip biljek ýollary açmak zerurdy. Emma, iki asyr bäri, hem intellektual, hem dini düşünjelerde yzagalaklygyň sebäpleri, çözgüt ýollary we döwürdeş medeniýet dünýäsine goşulmak bilen baglanşykly dowam edip gelýän pikir we syýasat iki ýoly ýöredýärdi. Olaryň biri aňrybaş konserwatiw ýoly alyp barsa, beýlekisi mirasy ret etmek ýoluny tutup, günbatar medeni dünýäsine seljermän-derňemän, goşulmagy öňe sürýärdi. Elbetde, bulardan başga-da ýollary öňe sürýänler hem bolşy ýaly, iki garaýşyň sintezini teklip edýänler-de bardy. M. F. Gülen Hojaefendi öz tebigy durmuşyna laýyklykda ýaşaýyş galyplaryny we däp-dessurlarymyzy göwnemakul görýärdi. Onuň orta atan täze garaýyşlary ýakyn töweregindäkiler tarapyndan hem „kabul edilmejek zat“ saýyldy. Netijede, onuň ilkinji ädimleri yzygiderli tankyt bilen garşylandy. M. F. Gülen däp-dessur gymmatlyklaryna içgin baglanyşan adam. Ýöne ol gymmatlyklary döwürdeş günbatar medeniýeti bilen terezä salmakdan çekinmändir. Bu jähetden çemeleşmesi däp-dessurlara täze öwüşgin berýär. Isle, ilki ýyllardaky dini we sosial işleri, isle-de, has soňky bilim ugrundaky eden işleri bilen ol diniň we däp-dessuryň ylym bilen çapraz däldigini, gaýta, tersine bir-birini goldaýandygyny, hatda, bularyň bütewileşen görnüşde adamzada hyzmat edip biljekdigini görkezmek isleýär. Gülen hiç haçan özüniň dini düşünjesini gizlemändir. Häzirki döwürde köplenç döwlet, şäher, welaýat we ykdysadyýet meseleleriniň üstünde işlenýär. Gülen bolsa, bularyň esasyny düzýän – ynsana ünsi çekipdir. Onuň pikiriçe, häzirki döwrüň iň möhüm işi – ynsana bilim bermek işi bolmalydyr. Her şahs kämil bolsa, döwletem, ykdysadyýetem kämil bolar.

Başga bir tarapdan, konserwatiw garaýyş durmuşa ornaşan we dowam edip gelýän urp-adatlary, däp-dessurlary ýöretmegi ygtybarly hasaplaýardy. Oňa şahsy teswirleriň we synanşyklaryň edilmeginden çekinilerdi. M. F. Gülen Hojaefendi, ine, şeýle ýagdaýda täzeçe ýol-ýörelgäni öňe sürdi. Ol bir tarapdan öňki däp-dessurlaryň berýän ygtybarlylyk duýgusyna, başga bir tarapdan bolsa, täze jemgyýetçilik gymmatlyklaryna esaslanýardy. Bu, ýokarda-da belleýşimiz ýaly, iki pikiri sintez edýän täzeçe çemeleşmedi. M. F. Gülen entek 15 ýaşynda şeýle düşünjeleriň agyr yklymynyň birýanyndan girip başlapdy. 15 ýaşyna gelende, ýaňy ýigit çykyp ugran ýetginjekdi. Dogrusy, ol ne çagalygy, ne-de ýetginjekligi gördi. Önüp-ösen maşgalasynyň düşünje çäkleri hem-de medresäniň konserwatiw pikirleri ony ýaşyna görä däl, has ir ýetişdirdi. Içinde çuňňur ruhy we magnawy tejribe, akylynda uly işjeňlik we hyjuw bardy.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr