Iň ýönekeý zatlara berlen uly ähmiýet

Bu meselede diňe kiçi bir mysal getirmek ýeterlik bolar diýip hasap edýärin.

Selioloz maddasy agaçlaryň içinde lignin bilen birlikde onyň berkliginiň esasyny düzýär.

Dürli senagat önümlerini öndürmekde ulanylýan seliolozanyň kagyz senagatynda aýratyn orny bardyr. Diňe ol maýyşgaklygy bilen agaçlaryň rüku edýän ýaly egilmeklerini we bu sebäpli döwülmezliklerini üpjün edýär.

Seliolozanyň eremesi we siňmesi örän kyndyr. Ynsan seliolozaly maddalary iýse eredip bilmez. Emma, gäwüş gaýtarýan mallaryň iýmit erediji suwuklyklary ony eredýär. Selioloza haýwanlaryň bedeninde peýdaly görnüşe geçýär we biz hem ondan peýdalanýarys. Hatda daşyna çykan dersi dökün edip ulanýarys. Misli haýwanlar seliolozaly maddalary peýdaly görnüşe getirýän zawod ýaly işleýärler.

Emma munça köp selioloza maddasynyň hemmesini haýwanlar iýip bilmez. Şeýle hem ýere gaçanlary hem bolýar. Olar ýerdäki bakteriýalaryň aklyňy haýran edýän başarjaňlyklary bilen molekulalar halyna getirilýär. Bir tarapdan toprak bulardan peýdalansa, beýleki tarapdan ýer ýüzi ýaramaz ysly maddalardan tämizlenýär, halas bolýar.

Bakteriýa diýip geçibermäliň. Pikir edip göreliň. Hezreti Adamdan bäri ölen ynsanlar, dünýä gurulaly bäri ölen haýwanlar we ösümlikler çüremesedi, bu günki ýaşaýyşdan nam-nyşan bir bolarmydyka? Meseläni beýle uzaldyp oturmagyň geregi hem ýok. Birnäçe ýyl içinde ýaşap ölen siňekler eger çüýreme hadysasyny başdan geçirmesedi, ýer ýüzi birnäçe santimetr galyňlygynda öli siňekler bilen örtülerdi we ynsan ädimini ädere ýer tapmazdy.

Görşümiz ýaly, Haktagala iň kiçi barlyklara uly işleri berjaý etdirýär. Bir gysym toprakda millionlarçasy bar bolan bakteriýalara ýer ýüzüniň tämizligini üpjün etdirýär.

Ine, şeýlelikde selioloza bilen bakteriýalary eýesiz goýmaýan, bu ýönekeý we kiçijik barlyklary uly alada bilen gurşan Allah (j.j.) nähili bolarda ynsan ýaly älemiň soltany bolan bir barlygy eýesiz goýar? Bu asla mümkin däldir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr